45 Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr.
45 Сен Мени өпмедиң, эмма бу аял Мен өе гиренимден бәри аякларымы өпүп отыр.
Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady.
Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.
Şeýle hem kimdir biri oňa tagzym etmek üçin golaýlaşmak islese, elini uzadyp ony bagryna basardy-da, ogşardy.
Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.
Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi.
Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Isa Mesihe degişli bolan ýygnaklaryň bary size salam iberýär.
Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň.
Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.
Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.