Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 7:40 - Mukaddes Kitap

40 Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Мунуң үчин Иса оңа: «Симун, Мениң саңа айтмалы задым бар» дийди. Ол хем: «Айдыбер, Мугаллым» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 7:40
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Adonyýa: «Seniň bilen bir gürrüňim bar» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?


Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.


Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


«Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi?


Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ