Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 7:39 - Mukaddes Kitap

39 Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Исаны чагыран фарисей муны гөрүп: «Эгер бу адам пыгамбер болян болса, Өзүни эллейән аялың кимдигини, нәхилидигини билерди. Бу аял гүнәкәр ахырын» дийип, ичини геплетди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 7:39
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.


Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.


Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn.


Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi.


Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.


Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.


Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän.


Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ