Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 7:33 - Mukaddes Kitap

33 Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Ине, Яхя чүмдүриҗи гелди, ол иеногам, иченогам. Сиз болса оңа „җынлы“ диййәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 7:33
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Şol günlerde Ýahýa çümdüriji peýda bolup, Ýahudyýa çölünde wagyz etmäge başlady.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol çekirtge bilen meýdan balyny iýýärdi.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Olar bazarda oturyp, biri-birilerine: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz.


Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.


Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.


Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň.


Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ