Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.
Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.