Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.