Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реб Иса бу аялы гөрүп, оңа йүреги авады. Ол аяла: «Аглама!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 7:13
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


«Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.


Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz?


Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler.


Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.


Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.


Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.


Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler.


Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady.


Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi.


Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi.


Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy.


Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.


Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.


Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi.


Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn.


Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ