Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:49 - Mukaddes Kitap

49 Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

49 Эмма Мениң сөзлерими эшидип-де, берҗай этмедик киши топрагың үстүнде бинятсыз өй салан адам ялыдыр. Деря җошуп, ол өе уран бадына, өй йыкылар. Онуң даргайшы-да горкунч болар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:49
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.


Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetirip, berjaý ediň, emma olaryň edenlerini etmäň, sebäbi aýdýan zatlaryny özleri edýän däldirler.


Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler.


Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler.


Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?


ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy.


Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi.


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ