Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:48 - Mukaddes Kitap

48 ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

48 ол өй салмак үчин ери чуң газып, онуң бинядыны гаяның үстүнде тутан адама меңзейәр. Сил геленде, деря җошуп, бу өе урулса-да, оны сарсдырып билмез, себәби ол берк салныпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:48
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim,


Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!


Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!


Ölüm tolkunlary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.


Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.


Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.


Rebbe täze nagma aýdyň, Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!


Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.


Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.


Emma Ol Ninewäni daşgyn sil bilen ýok eder, duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.


Meniň ýanyma gelýän, sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini size beýan edeýin:


Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.


Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ