43 «Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.
43 «Оңат агаҗың эрбет миве бермейши ялы, эрбет агач-да оңат миве бермез.
Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?
Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.
Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?
Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.
Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.
Nädip sen öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa: „Dogan! Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».