Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:41 - Mukaddes Kitap

41 Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Нәме үчин сен доганыңың гөзүндәки чөпи гөрйәрсиң-де, өз гөзүңдәки агаҗы сайгармаярсың?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:41
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Ýowap lewiler bilen benýaminleri hasaba almady, çünki patyşanyň buýrugy oňa nejis göründi.


Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez.


«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.


Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy.


Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar.


Nädip sen öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa: „Dogan! Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».


Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ