Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:35 - Mukaddes Kitap

35 Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Душманларыңызы сөйүң, ягшылык эдиң, ызына алмасыз карз бериң. Шонда сизиң сылагыңыз улы болуп, Бейик Худайың огуллары боларсыңыз, себәби Ол гадыр билмезлере-де, пислере-де мәхирлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:35
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,


Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.


Hudaýym sadyk söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.


Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.


Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.


Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.


Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.


Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».


Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.


Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ