Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.