29 Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.
29 Бир яңагыңа урана бейлеки яңагыңы-да тут. Донуңы аландан көйнегиңи хем гайгырма.
Mepiboşet patyşa: «Şa hezretleriniň sag-salamat öýüne gelendigine görä, goý, hemmesini ol alsyn» diýdi.
Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.
Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun.
Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.
Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:
Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.
Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama.
Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi.
Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy.
Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys.
Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi?
Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn!
Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.