Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ebedi duşmançylygy bolan piliştliler ýahudalardan ar aldylar, ýüreklerindäki ýigrenç zerarly olary ýer bilen ýegsan edip öç aldylar.
«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».
Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.