Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:27 - Mukaddes Kitap

27 Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эмма, эй, Мени диңлейәнлер, сизе шейле диййәрин: душманларыңызы сөйүң, өзүңизи йигренйәнлере ягшылык эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:27
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,


Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.


Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.


Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».


Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Emma Pawlus gaty ses bilen: «Saklan! Janyňa kast etme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ