Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:25 - Mukaddes Kitap

25 Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Вай халыңыза, эй, шу вагт доклар! Чүнки сиз ачлык чекерсиңиз. Вай халыңыза, эй, шу вагт гүлйәнлер! Чүнки сиз яс тутуп агларсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:25
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi.


Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn, şatlygyň soňunda-da gam bardyr.


Gülki barada: «Akmaklyk», lezzet barada: «Näme peýda getirýär?» diýdim.


Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.


Dogrudan-da, akylsyzyň gülküsi gazanyň astynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr. Bu-da biderek.


Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.


Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.


Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki ata-babalary-da galp pygamberlere şeýle etdiler.


Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuň üstünden güldüler.


Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ