Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 6:13 - Mukaddes Kitap

13 Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Гүн доганда, шәгиртлерини янына чагырды. Олардан он ики санысыны сайлап, олары ресуллыга белледи. Олар шулардыр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 6:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.


Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler.


Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.


Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler.


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ