Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.
Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.
Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.