Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 5:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма Иса оларың нәме пикир эдйәндиклерини билип, олара: «Нәме үчин хыялыңызда бейле пикирлер эдйәрсиңиз?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 5:22
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.


Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy?


Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.


Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek?


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ