Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 5:21 - Mukaddes Kitap

21 Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Төврат мугаллымлары билен фарисейлер: «Худая дил етирйән бу адам ким? Гүнәлери еке-тәк Худайдан башга ким өтүп билер?» дийип, ичини геплетмәге башладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 5:21
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk – parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.


Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.


Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn.


Şonda käbir Töwrat mugallymlary içinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir.


Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.


Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?


Isa bilen bir saçakda oturanlar öz aralarynda: «Günäleri-de bagyşlaýan bu kimkä?» diýişmäge başladylar.


Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.


Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ