Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 5:17 - Mukaddes Kitap

17 Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Бир гүн Иса халка өвредип отырка, Җелиләниң әхли обаларындан, Яхудыядыр Иерусалимден гелен фарисейлер билен Төврат мугаллымлары-да шол ердедилер. Иса Реббиң гудраты аркалы хассалара шыпа берйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 5:17
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan:


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.


Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady.


Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe Töwrat mugallymlary Isanyň daşyna üýşdüler.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.


Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler.


Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.


Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi.


Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»


Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ