Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Иса хем элини узатды-да, оңа дегрип: «Ислейәрин, тәмиз бол!» дийди. Дери кесели ол адамдан шобада айрылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 5:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.


Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.


Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.


Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».


Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy.


Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.


Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ