Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.
Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.