Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бир гүн Иса Гиннесарет көлүниң кенарында вагыз эдйәркә, халк Худайың сөзүни диңлемек үчин, Онуң дашына үйшди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 5:1
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter.


Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.


Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler.


Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.


Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.


Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler we ol ýerde gaýygy bagladylar.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular.


Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler.


Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isa uka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk suwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.


Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy.


Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi.


Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy.


Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi.


Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi.


Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ