Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».
Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.
Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.
Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.
Men Ýohanna bulary gördüm we eşitdim. Bulary eşidenimden we görenimden soň, bu wakalary maňa görkezen perişdä sežde etmekçi bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym.
Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.