Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Iblis Isa: «Men bularyň ählisiniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny Saňa bereýin. Bular maňa berildi, men hem ony islänime berip bilýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Иблис Иса: «Мен буларың әхлисиниң хөкүмдарлыгыны ве шан-шөхратыны Саңа берейин. Булар маңа берилди, мен хем оны исләниме берип билйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 4:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi.


Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir!


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ