Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 4:35 - Mukaddes Kitap

35 Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Иса арвах-җына кәйәп: «Сем бол! Бу адамдан чык!» дийип буйрук берди. Шонда арвах-җын ол адамы хеммелериң өңүнде ере йыкды-да, хич зыян етирмән, ондан чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 4:35
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.


Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»


Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Arwah-jyn hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp ondan çykdy.


Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy.


Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.


Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar.


Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.


Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy.


Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar.


Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.


Şoňa görä, eý, gök we onda ýaşaýanlar, heşelle kakyň! Eý, ýer we deňiz, siziň bolsa halyňyza waý! Çünki iblis ýanyňyza indi, ol wagtynyň azalandygyny bilensoň, gazap atyna mündi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ