32 Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi.
32 Халк Онуң таглыматына хайран галды, себәби Ол ыгтыярлылык билен геплейәрди.
Onuň taglymatyna haýran galdylar, sebäbi Isa adamlara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
Sinagogada arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp:
Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.
Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.
Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.
Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.
Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.