Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 4:22 - Mukaddes Kitap

22 Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Хеммелер Исаны өвүп, Онуң агзындан чыкан аҗайып сөзлере хайран галып: «Бу Юсубың Оглы дәлми?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 4:22
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.


olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, erbediň agzyndan egrilik çykýar.


Ýüregi parasatla paýhasly diýilýär, ýakymly sözleýiş bilimi artdyrýar.


Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.


Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.


Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady.


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler.


Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ