Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».