Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 3:22 - Mukaddes Kitap

22 Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Мукаддес Рух кепдери гөрнүшде Онуң үстүне инди. Гөкден: «Сен Мениң сөвер Оглумсың. Мен Сенден көп разыдырын» диен оваз гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 3:22
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çümdürilmek üçin Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa Ony Iordan derýasynda çümdürdi.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady.


Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm.


Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.


Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ