Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.
Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.
Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.
Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.
«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär: