Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 24:32 - Mukaddes Kitap

32 Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Олар бири-бирлерине: «Ёлда бизиң билен геплешип гелйәркә, бизе Мукаддес Язгылары дүшүндирйәркә, ичимизде йүрегимиз янмаярмыды дийсене?» дийишдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 24:32
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.


meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.


Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.


Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ