Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.
Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.
Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar.
Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.
Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.