Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 24:27 - Mukaddes Kitap

27 Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Онсоң Ол Муса билен әхли пыгамберлерден башлап, хемме Мукаддес Язгыларда Өзи хакда айдыланлары олара дүшүндирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 24:27
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.


Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».


Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Muňa garamazdan, azap içindäkiler tükeniksiz tümlükde bolmaz. Geçmişde Ol Zebulun we Naftaly ýurduny peseltdi, emma geljekde Deňiz ýakasyndaky ýoly, Iordanyň aňyrsyny we milletleriň Jelilesini şöhratlandyrar.


Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.


Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.


Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Musa şeýle diýipdi: „Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar. Onuň size aýtjak her bir sözüne gulak asyň.


Hakykatdan hem, Şamuwelden başlap, ähli pygamberler bu günleriň wakalary barada pygamberlik etdiler.


Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ