Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 24:19 - Mukaddes Kitap

19 Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Иса олардан: «Хайсы вакалар?» дийип сорады. Олар шейле җогап бердилер: «Насыралы Иса хакдакы вакалар. Ол Худайың ве әхли халкың назарында сөзде хем ишде гүйчли пыгамберди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 24:19
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ