16 Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.
16 Йөне Оны танамаз ялы, оларың гөзлери багланыпды.
Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar.
Şondan soň Isa oba tarap barýan iki şägirdine başga keşpde göründi.
Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi.
Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.
Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy.
Şeýle diýip, arkasyna öwrülende, ol ýerde Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady.
Gün doganda, Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler.