Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.
Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.