37 «Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.
37 «Яхудыларың патышасы болсаң, Өзүңи халас эт-дә!» диййәрдилер.
«Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli.
Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.
Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.
Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi.