Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 23:34 - Mukaddes Kitap

34 Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Иса: «Атам! Олары багышла, себәби олар нәме эдйәнлерини биленоклар» дийди. Эсгерлер биҗе атышып, Онуң эшиклерини пайлашярдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 23:34
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.


Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar.


«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.


Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Emma Pawlus gaty ses bilen: «Saklan! Janyňa kast etme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.


Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.


Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ