Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 23:33 - Mukaddes Kitap

33 Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Олар Келлечанак дийилйән ере геленлеринден соң, Исаны яңкы җенаятчылар билен бирликде хача чүйледилер. Җенаятчыларың бири Онуң саг тарапында, бейлекиси чеп тарапындады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 23:33
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.


Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler.


Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi.


Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir.


Ol hakda ýazylanlaryň baryny berjaý edenlerinden soň bolsa, Ony haçdan düşürip, bir mazarda goýdular.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň haça çüýlän Isaňyzy direltdi.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ