Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.
„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.