30 Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.
30 Шонда даглара: „Бизиң депәмизе иниң!“, депелере: „Бизи өртүң!“ диерлер.
Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.
Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.
Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?»
Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!
Adamlar şol günlerde ölümi agtararlar, ýöne ony tapmazlar. Ölümi küýsärler, ýöne ölüm olardan gaçar.