Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.