Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.
Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler.