Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.
Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
Emma Pawlus olara: «Rim raýatydygymyza garamazdan, bizi halkyň öňünde bikanun ýençdiler, zyndana taşladylar. Näme üçin indi bizi ogrynça boşadyp goýberjek bolýarlar? Bu bolmaz! Goý, bizi zyndandan özleri gelip çykarsynlar» diýdi.