Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.
Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar.
Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler.