Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 22:70 - Mukaddes Kitap

70 Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

70 Оларың хеммеси: «Онда Сен Худайың Оглы-да?» дийип сорады. Иса олара: «Мениң Кимдигими өзүңиз айдып дурсуңыз» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 22:70
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi.


Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.


Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz muny Onuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.


Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ