57 Emma Petrus: «Eý, zenan, men Ony tanamaýaryn» diýip inkär etdi.
57 Эмма Петрус: «Эй, зенан, мен Оны танамаярын» дийип инкәр этди.
Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ret ederin.
Emma Petrus muny hemmeleriň öňünde inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi.
Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler.
Petrusy oduň ýagtysyna gören bir keniz oňa içgin seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi.
Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi.
Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi.
Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.
Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.